Maşgala mukaddesligi

17 Dekabr 2021
1766

«Öý-ojagyň gelşigi — maşgala mukaddesligi» diýen at bilen Gumdag şäher zenanlar guramasy wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Maşgala gymmatlygynyň jemgyýetimizdäki ornuna, ähmiýetine we ony gorap saklamaga bagyşlanan bu çärä ýaşlaryň uly topary gatnaşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maşgala gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek, ony berkitmek ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz maşgalanyň özboluşly ilkinji guramadygyny nygtap, her bir maşgalanyň maddy we ruhy taýdan üpjün bolmagy, onuň maddy üpjünçiliginiň gowulanmagy üçin ýadawsyz alada edýär. Bu barada çykyşlarda aýratyn nygtalyp geçildi we döredip berýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».
Beýleki habarlar