«Parahatçylyk simfoniýasy»

16 Dekabr 2021
3612

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly şygrynyň täsirinden dörän pikirler

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Kabul ediş merkezinde bolan dabarada hormatly Prezidentimiziň täze döreden «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusyny ilkinjileriň biri bolup, onda-da öz okamagynda diňlemegiň täsiri meni henizem öz goýnundan goýberenok. Munuň özi, megerem, sözde üýtgeşik bir jadynyň, gudratyň bardygyndandyr. Elbetde, beýle täsirlilik her bir söze mahsus däl. Onuň üçin söz Beýik Ynsanyň kalbyndan çykmaly. Ol gudratly täsiri süňňüň bilen syzmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň dünýäsine aralaşmak ýeterlik. Ol güýç, ol täsir milli Liderimiziň eserleriniň ýürekden çykýandygynda. Ýürekden çykyp, ýüreklere ýol salýandygynda.

Ogulmaýsa ALLABERDIÝEWA,
«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar