Bitaraplygyň beýik senasy

16 Dekabr 2021
1546

12-nji dekabrda Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kabul ediş merkezinde bolan baýramçylyk dabarasynda täze döreden «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusyny okap bermegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Beýik maksatlara we asuda durmuşa ruhlandyrdy.

Öňňin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagyň parahatçylyk ýörelgesi — dünýä nusgalyk görelde» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlary we ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa we başga-da birnäçe sungat ussatlary çykyş edip, türkmen bitaraplygynyň ýeten belent derejeleriniň bu günki günde bütin dünýäde uly ähmiýete eýe bolýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň täze «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly çuň many-mazmunly, şahyrana-filosofiki şygrynyň dünýä halklaryny agzybirlige, jebislige, dostluga, baky parahatçylyga çygyrýandygyny we ýaş nesilleri terbiýelemekde ägirt uly ähmiýete eýedigini belläp geçdiler.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW,
«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar