«Dialog — parahatçylygyň kepili» Hormatly Prezidentimiz halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny şeýle atlandyrdy

16 Dekabr 2021
1423

Bu günki gün dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda Garaşsyz Türkmenistan Diýarymyzyň ornuna halkara jemgyýetçiligi tarapyndan uly baha berilýär. Şunda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ägirt uly mümkinçiligi dünýä ykraryna eýe boldy. Munuň şeýledigine ýurdumyzda parahatçylygy berkitmek, halklaryň ykbalyna täsir edýän meseleleri çözmek bilen baglanyşykly maslahatlary geçirmek üçin dünýäniň çar künjünden myhmanlaryň Garaşsyz Diýarymyzda yzygiderli jemlenip durmagy hem şaýatlyk edýär. 11-nji dekabrda paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat hem şu ynamly nazarlaryň guwandyryjy görkezijisidir. Oňa beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bir hatarda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziriniň, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewiň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinowyň gatnaşmagy diňe bir maslahata berilýän ünsüň ýokarydygynyň subutnamasy bolman, eýsem, Garaşsyz Diýarymyzyň halkara abraýynyň guwandyryjy görkezijisidir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde giň halkara çäreleriň jemlerini jemlän bu maslahatyň dowamynda milli we umumadamzat bähbitli birnäçe soraglaryň üstünde durlup geçilmek bilen bir hatarda, ýakyn geljekde bilelikde amala aşyrylmaly wezipeler kesgitlendi.

Tahyr BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar