Binýatlyk ýörelgeler

16 Dekabr 2021
1450

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylyk söýüjiligi we hoşniýetli goňşuçylygy, deňhukuklylygy we adalatlylygy hemmetaraplaýyn üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan daşary syýasatda özüniň milli bähbitleri bilen bilelikde ählumumy adamzat gymmatlyklaryny, dünýä jemgyýetçiliginiň maksatlaryna jogap berýän tagallalara mynasyp goşant goşýan we parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de durnukly ösüş babatynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy derejesinde dünýäde ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir we onuň daşary syýasatynyň esasynda hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri goýlandyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly ýörite rezolýusiýalarynyň kabul edilmegi halkara gatnaşyklarynyň taryhynda deňi-taýy bolmadyk ýagdaýdyr.

Akmuhammet JUMAGULYÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar