Ösüşiň aýdyň ýoly

16 Dekabr 2021
1261

Häzirki zaman şertlerinde her bir döwletiň hem-de jemgyýetiň döwrebap ösüşi dünýäniň durnukly ösmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň özi, ýurduň halkara syýasy giňişliginde özüniň eýeleýän ornuny yzygiderli berkitmegini, dünýä döwletleri we halkara düzümleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmagyny şertlendirýär. Çünki nazary taýdan içerki syýasatyň dowamy bolan döwletiň oýlanyşykly daşary syýasy ugry onuň döwrebap ösüşini ileri tutmak bilen birlikde, häzirki ösüş şertlerinde halkara durmuşynyň gün tertibinde durýan wajyp soraglaryň bilelikde, ählumumy çemeleşmäniň esasynda amal edilmegine gönükdirilýär. Şunda hususan-da, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy häzirki zaman şertlerinde ynsanperwer ýörelgelere berk eýermek arkaly ählumumy ykrar edilýän halkara hyzmatdaşlygyň özboluşly hukuk görnüşini we täze ýörelgeleýin nusgasyny emele getirýär.

Döwletimiziň bu gün dünýä syýasatynda mynasyp orny, daşary syýasatyna mahsus bolan özboluşly ýörelgeleri, ugry bar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn halkara başlangyçlary Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň özboluşlylygyny we döredijilikli häsiýetini üpjün edýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bolsa, bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge, halkara gatnaşyklarynda dünýäniň parahatçylygyna, howpsuzlygyna, durnukly ösüşine mynasyp goşant goşmaga giň ýol açýar. Şu nukdaýnazardan, halkymyz milli Garaşsyzlygymyzy we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny hormatlaýar hem-de bu gymmatlyklary goraýar we berkidýär. Häzirki zaman şertlerinde oňyn Bitaraplygyň döwletiň milli bähbitlerini parahatçylyk ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirmegiň amatly nusgasy, halkyň taryhy, geosyýasy, ykdysady we medeni aýratynlygyna laýyk gelýän işjeň daşary syýasaty alyp barmagynyň netijeli guraly bolup durýandygyna ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy şaýatlyk edýär. Şol bir wagtda, häzirki halkara gatnaşyklarynyň nazaryýetinde Bitaraplyk institutyna aýratyn gyzyklanma bildirilýär. Bitaraplygyň beýleki döwletler tarapyndan ykrar edilmeginiň ähmiýeti, onuň hukuk taýdan hereket etmegi üçin halkara derejede berkidilmegi, onuň halkara gatnaşyklaryny utgaşdyryjy gural, gapma-garşylyklary sazlaýjy, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün edýän serişde hökmünde ylmy taýdan öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň milli kökleri, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara hukuk ýagdaýynyň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň aýdyňlaşdyrylmagyndaky, netijeli çözülmegindäki orny düýpli seljerilýär. Bitaraplygyň ýurtlary, halklary birleşdirýän ählumumy wezipeleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmekdäki mümkinçilikleri toplumlaýyn beýan edilýär.

Atamyrat BEKÇIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar