Türkmeniň taryhy geçmişiniň ak ýoly

16 Dekabr 2021
1363

Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan döwlet syýasatyny halkymyzyň bagtyýar durmuşyny berkitmegiň möhüm binýady hökmünde kesgitledi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Milletler Bileleşigi tarapyndan esaslandyrylan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan giň gerimli çäreler taryhy ähmiýetli wakalara beslendi. Halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülen ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Kabul ediş merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabara guraldy. Oňa Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagy bu medeni-köpçülikleýin çäräniň ähmiýetini artdyrdy.

Dabarada mähriban Arkadagymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygyny, bu gün bolsa bir supranyň başynda jem bolup, Türkmenistanyň Bitaraplyk toýunyň toýlanýandygyny belledi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi, onuň mähriban Watanymyz, sebitiň ýurtlary we umumadamzat üçin ähmiýeti barada näçe aýtsaň hem az. Taryha ser salanyňda, dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigi baradaky maglumatlaryň köpdügini nygtamak gerek. Milli Liderimiz taryhda halkymyzyň milli ruhy bitewüliginiň, iň asylly häsiýetleriniň, ýörelgeleriniň, häzirki döwürde dünýä halklarynyň bähbitleri bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyp, halkymyza mahsus bolan türkmençilik, ilimiziň milli aýratynlygy, türkmen halkynyň dünýä nusgalyk ýagşy dessurlary, ýörelgeleri döredendigini belledi. Şol birwagtyň özünde, paýhasly halkymyzyň zehininden dörän milli gymmatlyklar dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant bolupdyr (Arkadag Prezidentimiziň çykyşy gazetiň şu sanynda çap edilýär). Milli Liderimiz her bir adamyň şanly senäni mynasyp garşylamak maksady bilen, oňa özboluşly sowgatly gelýändigini aýdyp, özüniň hem bu baýramçylyga bagyşlap täze goşgy ýazandygyny, ony «Ýaşasyn parahat durmuş!» diýip atlandyrandygyny belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, olara berk jan saglyk, rowaçlyk, maşgala abadançylygyny hem-de Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Beýleki habarlar