Arkadagyň Bitaraplyk taglymaty

15 Dekabr 2021
1368

Öňňin paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Arkadagyň Bitaraplyk taglymaty — milli ýol-ýörelgeleriň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň nusgasy» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, döredijilik, ylym we bilim edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň aýratynlygy, onuň milli ýörelgelere, ynsanperwerlige, dost-doganlyga hem-de parahatçylyk söýüjilige esaslanýandygy hakynda çuň manyly çykyşlara giň gerim berildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilendigi, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu milli baýramyň halkara derejesine eýe bolandygy hakynda buýsanç bilen bellenildi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar