Bitaraplyk syýasaty we ekologiýa abadançylygy

15 Dekabr 2021
1510

Ekologiýa abadançylygy — döwrüň möhüm talaby. Bu babatda ýurdumyz halkara guramalary, dünýä jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk derejämizden gelip çykýan wezipeleriň hatarynda dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge hem uly üns berilýär.

Gözel paýtagtymyz Aşgabat parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Hemişelik Bitaraplygymyz sebitde halkara hyzmatdaşlygyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi. Türkmenistan gysga wagtda halkara arenasynda özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy.

Merjen IKRAMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar