Bitaraplyk — parahatlyk binýady

15 Dekabr 2021
1688

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllyk baýramy giňden bellenildi. Bu şanly sene ajaýyp döwrümizde täze many-mazmuna eýe bolup, her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar.

Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, bilim we medeni ojaklarynda bu şanly sene mynasybetli baýramçylyk çäreleri giň gerimde dowam edýär. Biz hem etrabymyzdaky orta mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň arasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk binasy ― bagtyýarlyk senasy» atly döredijilik hem-de surat bäsleşiklerini yglan etdik. Mekdep okuwçylarynyň döwletimiziň Bitaraplygynyň eçilen miwelerini, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly başlangyçlaryny, halkymyzyň köpasyrlyk taryhyny, däp-dessurlaryny, ata-babalarymyzyň parahatçylyk baradaky arzuwlaryny, eşretli döwrümizi wasp edip döreden goşgulary döredijilik bäsleşigine gatnaşýanlaryň baýramçylyk ruhuny galkyndyrdy. Ýaş sungaty söýüjiler geçen 26 ýylyň içinde ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini öz surat eserlerine inçelik bilen siňdirmegi başarypdyrlar. Olaryň çeken suratlaryny synlanyňda, ösüşlere beslenýän döwrümize bolan buýsanjyň has-da artýar. Bitaraplyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleri wasp edýän baýramçylyk sergisi hem kalbyňy joşa getirýär.

Zalina BABAMURADOWA,
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Farap etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar