Röwşen geljegiň çelgisi

13 Dekabr 2021
1538

Dünýäde ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän parasatly döwlet Baştutanymyzyň uly goldawa eýe bolan «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatynyň aňyrsynda Ýer ýüzünde ýaşaýan millionlarça ynsanlaryň bagtly durmuşyny, sagdyn geljegini, arzuw-hyýallaryny özünde jemleýän ymgyr many ýatandyr.

Eziz Diýarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edilmegi bilen parahatçylyk arkaly durnukly ösüşiň mizemez hukuk binýady emele geldi. Bu hukuk binýadynyň syýasy, ykdysady we gumanitar ugurlarynyň netijeli alnyp barylmagy ýurdumyzyň ähli pudaklarynda has belent sepgitlere ýetmäge, aýdyň maksatlara aralaşmaga giň mümkinçilikleri açýar. Hemişelik Bitaraplyk berkarar döwletimiziň ählumumy ösüşini we asudalygyny, bagtyýar halkymyzyň abadançylykda, eşretli durmuşda ýaşamagyny kepillendirýär.

Şamyrat ATDOWOW,
Bäherden etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar