Beýik baýramyň şanyna

13 Dekabr 2021
1456

12-nji dekabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy giňden bellenilip geçildi. Aşgabat şäheri bolsa esasy baýramçylyk dabaralarynyň ýaýbaňlandyrylan merkezine öwrüldi. Şanly sene mynasybetli ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi milli Liderimiziň halkara giňişliginde alyp barýan, ynsanperwerlige we parahatçylyga ýugrulan daşary syýasatynyň uly gyzyklanma we giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «12-nji dekabr — Halkara bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmegi bilen bolsa indi halkymyz üçin mukaddes bolan bu şanly sene diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Ýer ýüzünde hem parahatçylygyň baýramy hökmünde giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda: «Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Şoňa görä-de, 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilýär. Biziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi netijesinde, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly tekliplerimiz, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrundaky başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy» diýip belleýär. Bu beýik işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen amal edilip, Ýer ýüzündäki ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine, abadançylygyna we parahatçylygyna gönükdirilendir.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar