Göwünlere nur çaýýan baýram

13 Dekabr 2021
1423

Mähriban Watanymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýaran eden hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatyny tüýs ýürekden goldap, Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen welaýatymyzyň agzybir hem zähmetsöýer halky Halkara Bitaraplyk gününi we hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygyny ýokary ruhubelentlige beslediler.

Baýramçylyk gününiň joşgunly çäreleri Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ir säherden başlandy. Buýsançly ýaňlanan Döwlet senasynyň mukamy astynda ýaşyl Tugumyz al-asmana galdyrylandan soň, bu ýerde baýramçylyk dabarasyna badalga berildi. Onda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenista-nyň halkyna iberen Gutlagy ýygnananlarda uly ruhubelentlik döretdi. 

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».
Beýleki habarlar