Mertebeli menzilleriň sakasy (Ýaş žurnalistiň sözi)

10 Dekabr 2021
1228

Ruhyýeti kalby bilen utgaşyp, şahandazlygy, şahyranalygy süňňüne siňen halkymyzyň arasynda «göwün guşy ganatlandy», «başy gök diredi» ýaly söz düzümleri bar. Seneleri şanly wakalara bal bile ýag kimin gatyşyp giden bagta ýarlygyň, aýdyň geljege rowanalygyň ülkesi hasaplanýan mähriban Diýarymyzda bu ganatly jümleleriň jadysy ähli türkmen ojaklaryna seýil-seýranda.

Säher bilen dogup gelýän Güneşi asuda, erkana ýüzüňe sylyp, ýetmeli menziliňe rowana bolmagyň özünde-de uly bagt bar. Asmanyň arassalygy, zeminiň goh-gowursyzlygy nämä degmeýär diýsene?! Akyldarlaryň biri: «Kalp nämeden doly bolsa, dodaklardan döküler gider» diýipdir. Bu gün eşretli zamananyň ýylysyny kalbyna kebşirlän halkymyzyň zybanynda asal sözler aýdym bolup ýaňlanýar. Mundan laýyk 26 ýyl ozal ojaklarymyzyň ody, öýlerimiziň ýagtysy bolup, dulumyza dolan Bitaraplyk bu gün parahat ýaşaýşymyzyň girewi bolup durka, neneň şeýle bolmasyn?! Şol günden soň durnukly ösüş ýoluna düşen ýurdumyz ýagşy habarlaryň ýaýylýan ülkesine öwrüldi. Baky Bitaraplygymyz we onuň taryhy kökleri, häzirki döwür we geljekki ösüşler, umumy ykrar edilen halkara kadalary bilen berk baglanyşykly. Çünki, baky Bitaraplygymyzyň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýalary durýar. Bu Kararnamalarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi we biragyzdan goldanyldy. Oňyn ýörelgeleri esas edinen Bitaraplygymyzyň halkara derejeli gatnaşyklardaky netijeli işleriniň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli halkara başlangyçlaryny, şol sanda 2007-nji ýylda Aşgabatda bu abraýly guramanyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagyny, Ýewropa Birleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara hem-de sebit guramalarynda yzygiderli goldanylmagyny görkezmek bolar.

Maksatmyrat ÇARYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar