Halkara wirtual serginiň tanyşdyrylyş dabarasy

10 Dekabr 2021
1016

9-njy dekabrda Halkara Bitaraplyk güni hem-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli geçirilýän halkara wirtual serginiň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan halkara wirtual serginiň tanyşdyrylyş dabarasynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarda ýeten beýik ösüşleri, gazanan üstünlikleri giňişleýin beýanyny tapdy. Bu ýerde ýurdumyzyň toplumlarynyň wekilleri çykyş edip, ýetilen belent sepgitler bilen tanyşdyrdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary çykyş edip, sport ulgamynda we ýaşlar syýasaty boýunça ýetilen sepgitleri giňişleýin beýan etdi.

«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar