Bagtymyzyň gözbaşy

10 Dekabr 2021
1208

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urup, dünýäniň kuwwatly, hemmetaraplaýyn we durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry eziz Diýarymyzyň taryhynda onuň daşary syýasatynyň täze döwre gadam basan senesi hökmünde altyn harplar bilen ýazyldy. Şol senede BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyna beren ýokary bahasynyň we giň goldawynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi bolsa ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. Munuň özi parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygynyň şaýatnamasydyr.

Ogulbagt ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar