Milli ýörelgelerimiz dünýä derejesinde

10 Dekabr 2021
1051

Turuwbaşdan halkymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerine eýerýän milli Liderimiziň baştutanlygynda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäde asudalygy, abadançylygy gazanmaga gönükdirilen beýik tutumly işler durmuşa geçirilýär. Muny diňe şu ýylyň dowamynda halkara derejesinde geçirilen medeni-ynsanperwer, syýasy, ykdysady çäreleriň birnäçesiniň mysalynda hem görmek bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýyllar ýyllardan zyýada gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem garşy alýan her bir günümiz täze ösüşlere beslenip, bizi ýeneki üstünliklere atarýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini düzýän Bitaraplyk taglymatymyz bu gün dünýä giňişliginde gyzgyn goldawa eýe bolýar.

Tawus KAKAÝEWA,
«Watan».
Beýleki habarlar