Şanly baýrama bagyşlandy

10 Dekabr 2021
1023

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň gurnamagynda «Kardiologiýanyň wajyp meseleleri» diýen at bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa uniwersitetiň professor mugallymlary we ady agzalan ylmy-kliniki merkezli hassahananyň işgärleri, saglyk öýleriniň lukmanlary gatnaşdylar.

Şanly Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahatda ýürek-damar ulgamynyň wajyp meselelerine degişli dürli temalardan taýýarlanylan dokladlar bilen çykyşlar edildi. Maslahatda edilen çykyşlarda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäginde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek ýörelgesine salgylanmak bilen ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň geçiş aýratynlyklary, sebäpleri, ýüze çykyşy, şeýle hem bejergisinde ulanylýan dermanlar, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk otlaryň ýürek-damar ulgamynyň kesellerini bejermekdäki täsirleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Annamyrat ALLABERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar