Beýik işleriň beýany

10 Dekabr 2021
869

Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň halkara wirtual sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň senagat we önümçilik kuwwatlyklaryny açyp görkezmäge niýetlenen bu wirtual sergi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösüşlerini öz içine alýar.

Açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň batly depginler bilen yzygiderli kuwwatlanýan ykdysadyýeti maýadarlary çekmäge, içerki hem-de daşarky söwdada hyzmatdaşlaryň ornuny giňeltmäge mümkinçilikleri döredýär. Dünýäde parahatçylyga, dost-doganlyga we hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasaty bilen tanalýan ýurdumyza halkara giňişliginiň gyzyklanmasy barha artýar. Innowasion tehnologiýalaryň ähli pudaklara batly depginler bilen ornaşdyrylýan döwründe bu gezekki serginiň wirtual görnüşde guralmagy sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň geriminiň barha giňelýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar