Mizemez gymmatlyk

10 Dekabr 2021
1075

Gahryman Arkadagymyzyň asylly zähmeti, taýsyz tagallalary esasynda täze ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda amala aşyrylýan medeni hem-de aň-bilim özgertmeleriniň ykdysady we durmuş ulgamlary bilen mäkäm sazlaşmagy netijesinde gazanylýan ägirt uly taryhy ösüşlerimiz bütin halkymyzyň buýsanjyna, abadan, asuda, kuwwatly Watan hakyndaky arzuwlarynyň hakykat ýüzündäki dabaralanmasyna öwrülýär. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz bu gün dünýäde iň bagtyýar, iň asuda döwlet hökmünde giňden tanalýar. Munuň özi Watana bolan söýgüsini başyna täç edýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli mertebesiniň, ýurdumyzyň şan-şöhratynyň arzyly belentliklere tarap barha ýokary göterilýändiginiň aýdyň alamatydyr. Türkmenistan bu gün milli Liderimiziň ynsanperwer, hoşniýetli içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde asylly maksatlaryň, hoşniýetli arzuwlaryň amala aşýan, dost-doganlyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarly ýurt hökmünde tanalýar.

Aýnabat BABAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar