Baýramçylyk öwüşginli Aşgabat

10 Dekabr 2021
1138

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýär. Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý senesini, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny dabara bilen belläp geçdi. Bu gün bolsa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy şatlyk-şowhun bilen bellenilýär.

Ata Watanymyzyň şöhratly täze taryhynyň altyn harplar bilen ýazylýan eýýamynda diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň binagärlik dürdänesine öwrülen Aşgabat bu gün parahatçylyk merkezi hökmünde giňden tanalýar. Watanymyzyň, merjen paýtagtymyzyň bedew batly ösüşleri ähli halkymyzy buýsandyrýar, guwandyrýar. Häzirki wagtda paýtagtymyz tutuşlygyna baýramçylyk lybasyna beslendi. Ak şäherimiziň islendik künjegine göz aýlanyňda hemişelik Bitaraplygymyzy dabaralandyrýan şygarlara, «Baýramyňyz gutly bolsun!», «Bitarap Türkmenistana 26 ýyl» ýaly ýazgylara duşmak bolýar. Olar ýurdumyzyň goşa ganatynyň biri bolan baky Bitaraplygymyzyň halkymyz üçin möhüm ähmiýetini açyp görkezmek bilen ildeşlerimiziň toý şatlygyny, ýürek buýsançlaryny artdyrýar.

Maýa MEREDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar