Şanly toýuň hormatyna

10 Dekabr 2021
1035

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Diýarymyzda ähli ugurlar boýunça düýpli ösüşler, özgerişler gazanylýar. Batly gadamlar bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz durmuşa geçirilýän belent maksatnamalar, ösüşlerdir özgerişler bilen rowaçlygyň, gülleýşiň ýurduna öwrülýär.

TDP-niň Ýolöten etrap komitetinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 26, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanylan dabaraly maslahat geçirildi. Maslahaty TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Toýly Anyşow açdy we alyp bardy. Onda TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Jennet Orazowa çykyş edip, maslahata gatnaşyjylary, TDP-niň ähli agzalaryny hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni, TDP-niň döredilmeginiň hem 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Beýleki habarlar