Dünýäde ykrar tapýar milli ýolumyz

10 Dekabr 2021
1011

Ýurdumyzda agzybirligiň we abadançylygyň höküm sürýändigini, goňşy ýurtlar bilen araçägiň dostluk serhedine öwrülendigini bu gün dünýä bileleşigi ykrar edýär. Döwletimiziň bu günki syýasy we ruhy galkynyşynyň gözbaşynda bolsa halkymyzyň pähim-paýhasyndan, ata-baba dowam edip gelýän däp-dessurlarymyzdan syzylyp çykan oňyn Bitaraplyk syýasaty dur. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygy onuň parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň we halkara giňişligindäki işjeňliginiň aňlatmasydyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň mejlislerinde ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar giň goldawa eýe bolýar. Dünýäde ykrar edilen milli Lider hökmünde tanalýan Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň belent münberinde ýaňlanýan oňyn başlangyçlary diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň ýagty geljegini berkarar etmäge gönükdirilýändigi bilen dabaralanýar. Olaryň hatarynda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen we tutuş adamzat üçin iň wajyp hem-de möhüm bolan azyk howpsuzlygyny, durnukly ösüşi we gender deňligini gazanmak, iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek, howanyň üýtgemegi we ekologiýa bilen bagly meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak, ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürlen başlangyçlary görkezmek bolar. Türkmenistanyň Bitarap ýurt hökmünde goňşy ýurtlar bilen gerimini giňeldýän toplumlaýyn daşary syýasatyna we asylly, hoşmeýilli ýörelgelerine çäkleriň, taryhlaryň, medeniýetleriň hem-de däp-dessurlaryň meňzeşligi we baglanyşygy siňen bolsa, sebitdäki we alysdaky ýurtlar bilen barha işjeňleşýän hyzmatdaşlygy gönüden-göni döwletimiziň özara bähbitli ynsanperwer we adyl syýasatyna daýanýar.

Merjen KADYROWA.
Beýleki habarlar