Bitaraplyk — ösüşleriň özeni

9 Dekabr 2021
1216

Her bir güni ösüşlerden doly zamanamyzyň keşbi barada gürrüň açylanda hemişelik Bitaraplygymyz baradaky pikirler öňe çykýar. Sebäbi edil mukaddes Garaşsyzlygymyz ýaly, hemişelik Bitaraplygymyz hem ähli başlangyçlarymyzyň badalgasy. Hut şonuň üçin-de hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň halkymyzyň ykbalyna eden gudratly täsiri barada gürrüň etmek diýseň ýakymly. Bu ajaýyp syýasaty ganat edilip geçilen 26 ýylyň dowamynda Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda täze belentlikleri nazarlaýan, ynsanyýetiň ykbalynda oňyn özgerişlikleri emele getirmäge gönükdirilen başlangyçlara beslenen menzilleri geçdi. Şonuň netijesinde hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki orny artdy. Şeýlelikde, bu günki gün Türkmenistan Watanymyz dünýä ýüzünde parahatçylyk gatnaşyklaryny birleşdirýän köpri hökmünde ykraryýetiň eýesi boldy.

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden başlap dünýä döwletleri, halkara jemgyýetçiligi bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup başlady. Şol ilkinji menzilleriň şanly seneleriniň biri-de 1992-nji ýylyň 2-nji martydyr. Ýagny, şol gün dünýäde iň uly we abraýly gurama bolan Birleşen Milletler Guramasynyň doly ygtyýarly agzalygyna kabul edilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilmegini alamatlandyrdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýany kabul edip, tutuş dünýä ýüzi türkmenistanlylaryň ynsansöýüjilik, parahatçylyga, dost-doganlyga arka durmak aýratynlygyny ykrar etdi. Şonuň netijesinde bu sene dünýä senenamasyna altyn harplar bilen girdi. Zeminde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet döredi. Şol seneden bäri dünýä halklary Türkmenistana parahatçylygyň goragynda durýan, düşünişmezlikleriň aradan aýrylýan, zemin asudalygynyň bähbidine ylalaşyklaryň gazanylýan ýurdy hökmünde garap gelýär. BMG-niň Baş assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwleti tarapyndan biragyzdan ykrar edilmegi Türkmenistanyň sebitde asudalygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan ýurt hökmünde alyp barýan umumadamzat bähbitli işleriniň başlangyjyny goýdy.

Ýazmyrat ARAZOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar