Halkymyzyň hoşniýetlilik, ynanyşmak, agzybirlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri nesilden-nesle geçip gelýär. Berkarar ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy pederlerimizden gelýän ajaýyp ýörelgeleriň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň belent münberinden öňe sürýän başlangyçlary, teklipleri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini aýan edýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny aýdyň beýan edýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň teklibi esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Şeýle taryhy Kararnamalaryň kabul edilmegi türkmen döwletiniň abraýyny arşa göterdi.