Beýik maksatlaryň ykrarnamasy

9 Dekabr 2021
1179

Parahatçylyk, ynanyşmak ynsanyň bagtyýar ýaşamagy üçin ilkinji zerurlyklaryň biridir. Ynanyşmagyň bar ýerinde hormat, sarpa bar. Ynanyşmak, parahatçylyk ýörelgeleri ykdysady, syýasy, medeni ösüşleriň binýadydyr. Abadançylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň taglymatlarynda öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň giň göwrümli, aýdyň geljegi nazarlaýan beýik işleri, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän başlangyçlary bütin dünýäde ykrar edilýär. Ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlygy, hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýan edýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan beýik işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraýyny arşa ýetirýär. Türkmenistan BMG-niň alyp barýan umumadamzat bähbitli işlerinde halkara jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Baky Bitaraplygymyz türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň esasy bolmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe goňşy we beýleki döwletler bilen gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmäge hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. Şeýlelikde, Watanymyz dünýäde ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent halkara abraýyna eýe boldy.

Tylla GERMANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar