Köňül çyragy

8 Dekabr 2021
1064

Ýurdumyzyň merjen şäherinde halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekden ugur alnyp bina edilýän ajaýyp desgalar Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň aýdyň dabaralanmasy boldy.

Bitaraplyk — ösüşlerimiziň özenidir. Bitaraplyk — dost-doganlyk şamçyragydyr. Bitaraplyk — agzybirligi, parahatçylygy üpjün edijidir. Ynsan durmuşynyň ömür örküniň özeni öňe gitmekdir, belent sepgitlere ýetmekdir. Bagtyýar durmuşa ýetmek üçin bilelikdäki ädimler, birleşen tagallalar zerurdyr. Düşünişmek, ynanyşmak, ylalaşmak wajypdyr. Bu günki gün hemişelik Bitaraplygymyzyň hukuk binýady döwletimizi görlüp-eşidilmedik üstünliklere ýetirdi. Halkymyzyň dünýä halklary bilen dost-doganlygy has-da berkedi, özara bähbitli hyzmatdaşlyk täze derejelere çykdy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary arkaly hemişelik Bitaraplygymyzyň hukuk binýadynda dünýä halklaryny parahatçylyga çagyrýan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen teklip ikelläp goldanyldy. Bu üstünlikleriň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň ösüş arkaly parahatçylyk taglymaty bar.

Nartäç HAÝTGULYÝEWA,
Aşgabat şäher müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri.
Beýleki habarlar