Bitaraplyk — belent mertebe

8 Dekabr 2021
1150

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň, oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň netijesinde, ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar, döwletara gatnaşyklary ýokary depginli ösdürilýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmekde döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, uly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistan Watanymyz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden Bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürüp başlady. Bu bolsa Watanymyzyň dünýäde durnukly ykdysady ösüşi gazanýan, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän ýurt hökmünde giňden tanalmagyna getirdi.

Güldesse HANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň Zenanlar guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar