Parahatçylyk we ynanyşmak

8 Dekabr 2021
970

Türkmen halky — beýik millet. Hormatly Prezidentimiz XXI asyrda milletimiziň at-owazasyny, abraý-mertebesini, şan-şöhratyny täzeden dünýä ýaýdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu beýik işleri buýsanjymyza buýsanç, begenjimize begenç, guwanjymyza guwanç goşýar. Täze, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy babatda tutuş halkymyz tarapyndan teklip edilmegi bolsa şol buýsanjymyzy, begenjimizi, guwanjymyzy iki esse artdyrdy. Häzirki döwürde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda ähli ugurlarda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Berkarar Watanymyzda ýetilen belent sepgitler, ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeler milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasat bilen berk baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary dünýä derejeli uly işlere badalga berýär. Şolaryň esasynda milli Liderimiziň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli, hoşniýetli daşary syýasatynda gazanylan üstünlikler kalplarymyza nur çaýýar. Mähriban Arkadagymyz dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ynsanperwer «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli alyp barýar. Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän sebit we ählumumy derejedäki netijeli giň hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýar.

Baýmuhammet JAPAROW,
«Esger».
Beýleki habarlar