Bagtly geljege şugla

8 Dekabr 2021
985

Bedew bady bilen belent sepgitleri nazarlap öňe barýan döwletimiz dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolup, bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda diňe bir iri milli maksatnamalary ýa-da durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak we halkara howpsuzlygy pugtalandyrmak babatda-da, abraýly halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde-de oňyn netijeler gazanýar. Bu bolsa döwletimiziň dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent abraýa eýe boljakdygyna, milli Liderimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen döwrüň möhüm meseleleriniň parahatçylykly çözülýändigine, ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň BMG-niň öňde goýan belent maksatlaryna laýykdygyna şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän möhüm başlangyçlary hemişelik Bitaraplyk taglymatyna daýanmak bilen, dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna hem-de halkara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde umumadamzat bähbitli çykyşlarynda Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, şol bir wagtyň özünde ynsan ýaşaýşynyň derejesini ýokarlandyrmak baradaky teklipleri, öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldaw tapdy. Munuň özi BMG-ä agza döwletleriň 185-siniň biragyzdan goldamagynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň goldamagynda gaýtadan kabul edilmegine uly esas boldy.

Göwher HANGELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 44-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar