Derek

8 Dekabr 2021
1246

Güneşli Diýarymyzda biosferanyň esasy bölegi bolan ösümlikleriň 7 müňden gowragy duş gelýär. Şolaryň biri hem derek agajydyr. Derek howany arassalaýan, tozan dörediji ähli çeşmeleriň, durnuksyz howa akymlaryny dörediji ýeliň, şemalyň, tozgalaryň ýaýraýyş ugrunyň derejesini peseldýän, hojalyk gatnaşyklarynda, jemgyýetçilik durmuşynda giňden peýdalanylyp gelinýän, töweregindäki toprak örtüginiň düzümini dürli organiki maddalar bilen baýlaşdyrýan, topragyň şorlaşmagynyň öňüni alýan we ýene-de ençeme peýdaly taraplary bilen tapawutlanýan agaçdyr.

Ösümlikler dünýäsinde «ýaşaýyş we saglyk çeşmesiniň ilkinji onlugynda» durýan bu agajyň dünýäde 100-e golaý görnüşi duş gelýär. Derek agajynyň Ýer ýüzünde gara, ak, simon, maksimowiç, adaty, gyzyl, piramida, hytaý, türkmen, berlin, kawkaz, turan, wilson, kanada, italýan görnüşleriniň ýaýrawy giň bolmak bilen, olar owadanlygy bilen tapawutlanýarlar. Ýer astynda ekinler üçin gurply gum gatlagynyň emele gelmeginde, topragyň organiki düzümini çüýrüntgiler bilen baýlaşdyrýan, ýumşadýan togalak, halkaly ýagyş gurçuklarynyň köpelmeginde derek agajynyň ähmiýeti uludyr.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar