Tebigatyň täsin ösümligi

7 Dekabr 2021
1186

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda: «Ene topragymyz, mähriban tebigatymyz biziň üçin güýjüň, berk jan saglygyň we uzak ýaşamaklygyň çeşmesi hasaplanylýar. Durmuşyň jadyly duýgusy, şeýle hem üýtgeşik ukyp adamzada gerek bolan dermanlyk ösümlikleri tapmaga kömek edipdir we olaryň iýmäge ýaramlylygyny, ýokary hilliligini hem-de olaryň himiki düzümine göz ýetirmezden ozal tebigy iýmitlik önümleri kesgitlemäge mümkinçilik beripdir. Lukmançylygyň taryhy öz gözbaşyny şol döwürlerden alyp gaýdýar. Şonuň üçin hem ýer ýüzünde ilkinji tebip, häzirki döwürde atlandyrylyşy ýaly, fitoterapewt bolupdyr» diýip, belleýär.

Ýurdumyzda giň meşhurlyga eýe bolan dermanlyk ösümlikleriň biri-de üzärlikdir. Ol köpýyllyk, köpbaldakly, otjumak, boýy 40-50 (70) santimetr bolan özboluşly güýçli ysly ösümlikdir. Üzärligiň otundan taýýarlanan jöwheriň häzirki zaman fiziki-himiki usullar arkaly gurluşy we düzümi Türkmenistanyň şertlerinde ilkinji gezek ylmy taýdan öwrenildi. Netijede, onuň düzüminde 50-ä golaý biologiki wajyp mikroelementleriň bardygy anyklanyldy. Türkmen alymlary tarapyndan taýýarlanan jöwheriň tejribe haýwanlarynda klinika çenli barlagy, mikroplara garşy we ýara bitiriji täsirleri öwrenildi. Geçirilen barlagda jöwheriň gök iriň taýajygyna garşy güýçli işjeňliginiň bardygy anyklanylyp, onuň gysga wagtyň dowamynda ýara bitiriji we immunmodulirleýji häsiýetiniň bardygynyň ýüze çykarylmagy türkmen alymlarynyň üstünligidir. Häzirki döwürde tebigy dermanlyk ösümliklere gyzyklanma bildirýän, bu ugurda ýörite bilim alyp, ylmy işler bilen ykbalyny baglamak isleýän ýaşlaryň barha artmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.

Jennet AGADŽAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar