Uly çille

7 Dekabr 2021
1371

Milli senenama boýunça dekabr aýynyň 7-sinde gara gyş döwri tamamlanyp, 8-nji dekabrdan uly çille başlanýar. Çille — bu pars dilindäki «çil» sözi bilen baglanyşykly bolup, ol «kyrk» diýen manyny aňladýar. Şeýlelikde, ol kyrk gün dowam edýär we gyşyň örküji hasaplanýar. Dogrudan-da, 8-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli aralykda aýazly, sowuk günleriň köp bolýandygy hemmä belli hakykat.

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlişi ýaly, bu döwürde ätiýajy elden bermeli däl. Her pursatda gyşyň gar-ýagşyna, şatlama aýazyna taýýar bolmaly. Maldarlaryň arasynda «Dokuzyň üçe ýetermi?» diýen bir söz bar. Ýagny dokuz aýlap ýygnan ot-çöpüň üç aý gyşa ýetse, onda seniň ýagdaýyň gowulygy hasaplanypdyr. Şeýle çopanlar bakýan mallaryny gyşdan dok we tükel alyp çykyp bilipdirler.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar