Bakylyga barýan ýol

6 Dekabr 2021
1254

«Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Saýany ekmedik salkynda ýatmaz» ýaly atalar sözleridir nakyllar agaç oturtmagyň, bag ýetişdirmegiň ähmiýetini, onuň ynsan saglygyna peýdasyny açyp görkezýär.

Pederlerimizden şu günlerimize gelip ýeten sargytlar, gymmatly wesýetler berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda giň goldawa mynasyp bolup, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň hakykatdan hem şeýledigine tutuş ýurt möçberinde agaç nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine hut eziz Arkadagymyzyň baştutanlygynda badalga berilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygara beslenen üstümizdäki ýylda agaç oturtmak, bag ekmek ýaly haýyr-sogaply işe hemmeler ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.

Gülşat AMANTAGANOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.
Beýleki habarlar