Bitaraplyk — baky abadançylyk

28 Noýabr 2021
1191

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy türkmen diplomatiýasynyň gazanan ajaýyp üstünligidir. Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli Bitaraplyga daýanýan ynsanperwerlik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barmagy bilen, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da belende göterilýär. Bitaraplyk munuň özi parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, hoşniýetli gatnaşyklaryň özenidir.

Parahatçylygy döwletimiziň esasy ýörelgesine öwren hormatly Prezidentimiz asudalygyň, dost-doganlygyň döwleti ösdürmekde esasy şert bolup durýandygyny ajaýyp kitaplarynda giňişleýin belläp geçýär. Arkadag Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda «Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr», «Bitaraplyk mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy hereketlendirijisi boldy», «Türkmen Bitaraplygy Ýer ýüzündäki ýurtlaryň her bir ýaşaýjysyna parahatçylyk we bagt getirýär» diýip, bellemegi hem bu aýdylanlaryň üstüni ýetirýär.

Serdar BEKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar