Baky bagtyň şuglasy

28 Noýabr 2021
1184

Eziz Diýarymyzda mähriban halkymyz bagtyýarlykda, asudalykda, bolelin durmuşda ýaşaýar, gurýar, döredýär, zähmet çekýär. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşamak bagty türkmen halkynyň buýsanjyny belende göterýär.

Ine, ýene sanlyja günden mähriban halkymyz baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyny giňden toýlar. Oňa häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyz agzybirlikde, jebislikde, ýokary derejede taýýarlyk görýär. Eziz Watanymyza bolan söýgini, onuň ägirt uly gazananlaryna bolan buýsanjy alamatlandyrýan bu şanly baýram ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň wysalydyr. Bu baýram şöhratly pederlerimiziň paýhasly durmuş ýörelgelerini, özboluşly milli däp-dessurlaryny, beýik ynsanperwer häsiýetlerini bize peşgeş eden gymmatlykdyr.

Bilbil MYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar