Bitaraplyk — bagtymyzyň gözbaşy

26 Noýabr 2021
1854

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde eziz Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy barha beýgelýär. Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen daşary we içeri syýasatynyň, halkyň bähbidi üçin amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň, dünýä döwletleri bilen uzak möhletli gatnaşyklara, hyzmatdaşlyga gönükdirilen taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz daşary syýasatda belent derejelere ýetdi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen halky üçin ýatdan çykmajak şanly waka bolup geçdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Rezolýusiýa esasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň makullamagy bilen «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýanyň gaýtadan kabul edilmegi Türkmenistan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde alyp barýan syýasatynyň deňhukukly hoşniýetli parahatçylyk söýüjilige gönükdirilen ugruny kesgitledi. Hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap alan ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Konstitusion kanunynda, Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde daşary syýasy Konsepsiýasynda we beýleki kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesi Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda gazanylan  üstünlikleriniň we ýeten belent sepgitleriniň möhüm bölegidir. Munuň özi döwletimiziň halkara derejesindäki tutýan ornunyň we saýlap alan milli ösüş ýolunyň ylmy esasda esaslandyrylyp, kanun taýdan berkidilendigini görkezýär.

Mähri BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleleri baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar