Parahatçylyk — ösüşlere aýdyň ýol

26 Noýabr 2021
1640

Yk­rar edil­mek, on­da-da dün­ýä de­re­je­sin­de yk­rar edil­mek — bu örän uly bagt! Türk­me­nis­tan — şeý­le uly bag­tyň eýe­si! Ge­çen asy­ryň ahyr­ky on­ýyl­ly­gy­nyň or­ta­syn­da, has ta­ky­gy 1995-nji ýyl­da ga­za­nan hemişelik Bi­ta­rap­lyk hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy Türk­me­nis­tan üçin şol uly bag­tyň buş­luk­çy­sy bol­dy. Özem wagt bi­len çäk­len­di­ril­me­dik, he­mi­şe­lik bagt! Bi­ta­rap­ly­ga bi­ziň hal­ky­my­zyň mil­li men­ta­li­te­tin­de — ýa­sa­wyn­da, asyl zan­dyn­da, ga­nyn­da bar bo­lan hoş­ni­ýet­li­lik, yn­san­per­wer­lik hä­si­ýet­le­ri­niň esa­syn­da dö­rän gud­rat di­ýip bo­lar. Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä­de iň howp­suz ýurt hök­mün­de yg­lan edil­me­gi he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­myz bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bi­ta­rap­lyk äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de howp­suz­ly­gyň do­ly üp­jün edil­me­gi­niň, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lygyň we dur­nuk­ly ösü­şiň esa­sy şer­ti­dir. Yn­san­per­wer­lik gym­mat­lyk­la­ry­na esas­lan­ýan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz ag­zy­bir­li­giň, asu­da­ly­gyň we giň dün­ýä­ga­raý­şyň aja­ýyp nus­ga­sy bo­lup, türk­men hal­ky­nyň asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si­dir. Hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hal­ky­my­zyň mil­li däp­le­ri­niň göz­ba­şy­dyr. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe bo­lan ata Wa­ta­ny­myz umumadamzat bähbitli, aý­ra­tyn hem, sy­ýa­sat, dip­lo­ma­ti­ýa, pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek üçin ne­ti­je­li baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş ed­ýär.

Dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, aba­dan­çy­ly­gy hem dur­nuk­ly ösü­şi go­rap sak­la­mak, has-da pug­ta­lan­dyr­mak, ro­waç­lan­dyr­mak ýa­ly be­lent yn­san­per­wer mak­sat­lar bi­len dö­re­di­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy ber­len il­kin­ji we ýe­ke-täk döw­let bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň iki ge­zek yk­rar edi­len bu hal­ka­ra üs­tün­li­gi dün­ýä ta­ry­hyn­da mö­hüm äh­mi­ýet­li sy­ýa­sy wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Bi­ta­rap döw­le­tiň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, dün­ýä halk­la­ry­nyň öňün­de uly jo­gap­kär­çi­li­gi hem bar. Türk­me­nis­tan bol­sa şeý­le jo­gap­kär­çi­lik­li we­zi­pä­ni meý­le­tin öz üs­tü­ne al­mak bi­len, hemişelik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýyn­dan ge­lip çyk­ýan hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny in­di çär­ýek asyr bä­ri gy­şar­nyk­syz ber­jaý ed­ýär, özü­niň bu ab­raý­ly or­na aň­ry­ýa­ny bi­len my­na­syp­dy­gy­ny kem­siz su­but edip gel­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­denti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan hä­zir­ki dö­wür­de adam­za­dy uly ün­jä goý­ýan äh­lu­mu­my me­se­le­le­riň oňyn çöz­güt­le­ri­ni tap­mak­da dün­ýä­niň be­lent mün­ber­le­rin­den gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­ýan mö­hüm tek­lip­le­ri­dir baş­lan­gyç­la­ry bi­len iş­jeň çy­kyş ed­ýär. Ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­de ga­za­nan sy­ýa­sy üs­tün­lik­le­ri­ni, ýe­ten mer­te­be­li men­zil­le­ri­ni älem gör­ýär, dün­ýä bil­ýär. Çün­ki olar hal­ka­ra ha­bar­lar gi­ňiş­li­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­re­dip, yzy­gi­der­li be­ýan edil­ýär. Aý­ra­tyn nyg­ta­ma­ly zat bol­sa, hemişelik Bi­ta­rap­lyk — türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň iň uly üs­tün­li­gi­dir. Hemişelik Bi­ta­rap­lyk — türk­men hal­ky­nyň mil­li gym­mat­ly­gy, baş mu­kad­des­lik­le­ri­niň bi­ri­dir. Dün­ýä­de öz saý­lap alan ýo­luň bi­len ýö­räp, içe­ri sy­ýa­sat­da hal­kyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni, da­şa­ry sy­ýa­sat­da dur­nuk­ly­ly­gy, iş­jeň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dep­gin­li ösüş­le­ri­ni sak­lap gal­mak ýe­ňil-ýel­paý iş däl. Hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de Türk­me­nis­tan dün­ýä­de yk­rar edi­len mil­li Li­de­ri­niň baş­tu­tan­ly­gyn­da şeý­le be­lent de­re­jä­ni ga­zan­dy.

Per­man SA­PA­ROW,
Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Dur­muş sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni.
Beýleki habarlar