Eziz Diýarymyzda beýik işler rowaçlanýar

25 Noýabr 2021
1187

Türkmenistanyň baky Bitaraplygy howpsuzlygyň üpjün edilmeginde, durnuklylygy saklamakda we ählumumy ösüşde möhüm ähmiýete eýedir. Döwletimiziň açyklygy, ygtybarly hyzmatdaşlygy hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky işjeňligi durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ykrar edilmeginiň esasynda durýar. Ösüş arkaly parahatçylyga hyzmat edýän bu wezipeler, ilkinji nobatda, hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda “Bitarap Türkmenistan üçin parahatçylygyň we howpsuzlygyň esasynda durnuklylygy, ynanyşmagy hem-de halkara gatnaşyklarda aýanlygy üpjün etmek daşary syýasatyň iň ýokary ileri tutulýan ugry bolup durýar» diýip belledi.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar