Dost-doganlyga çagyrýan ýol

25 Noýabr 2021
1272

Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy biziň her birimizi egsilmez buýsanja, guwanja besleýär. Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden, parasatly ata-babalarymyzdan gelýän dost-doganlyk, ynsanperwerlik, ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolmagydyr, Ýer ýüzünde ykrar edilmegidir. Bitaraplyk şu günümiziň  hem-de geljegimiziň rahatlygydyr, bagtyýarlygydyr.

Hemişelik Bitaraplygymyz bize halkara ähmiýetli nusgalyk işlerimiz, umumadamzat bähbitli başlangyçlarymyz bilen dünýä çykmaga, milli däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi halkara jemgyýetçilige ýaýmaga, şeýdibem, Ýer ýüzünde döwletimiziň, halkymyzyň at-abraýyny has-da artdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Hurmagül TOÝJANOWA,
Balkanabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar