Hemişelik Bitaraplyk we hoşniýetli gatnaşyklar

24 Noýabr 2021
1064

Dünýä jemgyýetçiligi Garaşsyz Türkmenistanyň eýe bolan baky Bitaraplygyna örän ýokary baha berýär. Ata Watanymyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna sebitde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň, halkara derejesinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň, olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar.

Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary uly goldaw tapýar. Olary durmuşa geçirmekde netijeli işler amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da, ýurdumyz abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň wajyp düzüm edaralarynyň hataryna saýlanylýar. Bular bolsa aýratyn guwandyryjy ýagdaý bolup, watançylyk duýgularymyzy has-da ösdürýär.

Serdar BERDILIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň «Howdan» gümrük nokadynyň gözegçisi, kapitan.
Beýleki habarlar