Hemişelik Bitaraplyk — baky berkararlyk

24 Noýabr 2021
1092

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly işleri netijesinde barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýuna işjeň taýýarlyk görülýän günlerde bu barada söhbet etmek has ýakymly. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasaty sebitleýin howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek ýaly halkara bileleşigi tarapyndan ileri tutulýan meselede öz netijeli ornuny görkezýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ähli döwletler bilen parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary ýola goýmak, söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy amala aşyrmak babatda uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyz sebitleýin we ählumumy geosyýasy ýagdaýlaryň täze ugurlaryna we oňyn ösüşlerine eýe bolýar. Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda diplomatik aragatnaşyklary berkitmek bilen, halkara hem-de döwletara derejesinde geçirilýän duşuşyklaryň, gepleşikleriň, forumlaryň, maslahatlaryň we beýleki dabaraly çäreleriň geçirilýän dostlukly merkezine öwrüldi.

Döwletimizde halkymyzyň pähim-paýhasyndan, köpasyrlyk däp-dessurlaryndan gözbaş alýan milli tejribäniň esasynda hemişelik, oňyn Bitaraplyk syýasaty saýlanyp alyndy, şol syýasatyň parahatçylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, olaryň özbaşdaklygyny we çäk bitewüligini hormatlamak, halkara harby guramalara, şertnamalara gatnaşmazlyk, halkara meseleleri syýasy hem-de diplomatik ýollar arkaly çözmek ýörelgeleri işlenip taýýarlanyldy.

Gurbanmyrat KAKAJIKOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň müdiri, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar