Bitaraplyk — abadançylygyň kepili

23 Noýabr 2021
1256

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda ylalaşdyryjy, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkidiji, hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ösdürýän merkeze we halkara ähmiýetli iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ak mermerli paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hormatly Prezidentimiziň abadançylygyň we durnukly ösüşiň esasy bolan ynsanperwerlikli syýasatynyň dabaralanmasydyr.

Türkmenistan dünýäde döreýän ähli meseleleri parahatçylyk, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmek ugrunda çykyş edýär. Milli Liderimiz şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär».

Nejep TAÝLYÝEW,
Baýramaly şäheriniň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar