Giň goldaw tapýan başlangyçlar

22 Noýabr 2021
1038

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata Watanymyz üçin baky bagtyň buşlukçysy boldy. Özi hem belli bir wagt bilen çäklendirilmedik, hemişelik bagt. Tutuş dünýäde parahatçylygy, asudalygy, abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek, gorap saklamak, has-da pugtalandyrmak ýaly belent maksatlar bilen döredilen, BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berlen ilkinji we ýeke-täk döwlet bolan Türkmenistanyň iki gezek ykrar edilen bu halkara üstünligi dünýä taryhynda möhüm ähmiýetli syýasy waka boldy.

Baky Bitaraplyk halkymyzyň milli ýörelgelerinde bar bolan parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik häsiýetleriniň esasynda dörän gudratdyr, keramatdyr.

Atanýaz JORAÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar