Daglar — zeminiň görki

22 Noýabr 2021
1443

Tebigata bolan söýgi, ajaýyp täsinliklere bolan duýgy, seniň kalbyňy nämälim duýgulara gaplaýar. Uly Balkan dagy çeşmelerden, türkmen arçalygynyň, ýakymly ysly zirk agajynyň, itburunyň, injiriň tokaýlyk jülgelerinden ybaratdyr. Olar adatdan daşary owadanlygy döredip, gözýetime ýaýylyp gidýär. Dagyň belentligi deňiz derejesinden 1800 metrden gowrakdyr. Bu ýerde toýnakly haýwanlar, şeýle hem tilkiler, towşanlar we oklukirpiler duş gelýär. Kertden, beýiklikleriň tapawudyny nazara alyp, Günüň ýaşmagy sebäpli emele gelýän şapagy we asmandaky agşam ýyldyzlarynyň ýaýrawyny synlap, dag otlarynyň ýakymly yslaryndan doly arassa howadan dem almak jana şypa berýär.

Aýratynlykda duran Kiçi Balkan dagynyň beýikligi ep-esli pes bolup, 780 metrdir. Ol özüniň gaýtalanmajak baý gözelligi bilen owadandyr. Adatdan daşary relýef tebigaty söýýänleri özüne çekýär. Bu ýerde görmäge zat kän. Özüniň baý taryhy, owadanlygy we gadymy yrymlary bilen özüne çekýän bu sebit bilen tanyşmak örän gyzykly.

Beýleki habarlar