Parahatçylyk — umumadamzadyň baýlygy

21 Noýabr 2021
1220

Parahatçylyk, ynanyşmak düşünjeleri bütin adamzadyň gymmatly baýlygy bolup, olar biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň esasynda hem şeýle asylly ýörelgeler bardyr. Baky Bitaraplygyň we parahatçylygyň asylly ýörelgeleri Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň dürli ugurlarynda aýdyň görünýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde umumadamzat bähbitli başlangyçlar öňe sürülýär, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri dünýä ýaýylýar. Şeýlelikde, Türkmenistan netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen işleri üstünlikli durmuşa geçirýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere beslenýär we umumadamzat bähbitli beýik işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň dünýäde parahatçylygy, asudalygy üpjün etmekde alyp barýan beýik işleriniň häzirki döwrüň ählumumy ösüşini üpjün etmekde has-da ähmiýetlidigini bellemek buýsandyryjydyr.

Çynar GYLYÇDURDYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.
Beýleki habarlar