Baky Bitaraplyk — buýsanjymyz

19 Noýabr 2021
1210

Bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak döwletimiziň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyz soňky ýyllarda halkara giňişlikde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar.

Gahryman Arkadagymyz: «Biziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu bolsa dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny barha belende galdyrýar» diýip belleýär.

Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniňbölüm müdiri.
Beýleki habarlar