Ýagty geljegimiziň binýady

19 Noýabr 2021
1437

Perzent terbiýesi bilen bagly internet maglumatlaryny okap otyrkam, dünýä halklarynyň çagalara bilim we terbiýe bermek ugrunda nähili usullary ulanýandyklary, bu meselä nähili çemeleşýändikleri baradaky ylmy makalanyň üstünden bardym. Onda çaganyň kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin oňa bilim bermek bilen bir hatarda, ýene-de birnäçe talaplaryň bardygy hakynda aýdylypdyr. Olaryň içinde çagada tebigata söýgini döretmegiň bu babatda örän möhüm ähmiýeti bellenipdir.

Bilşimiz ýaly, tebigat hemmämiziň umumy öýümiz. Tebigaty söýmek, oňa aýawly garamak, özüňi söýmekden we özüňe hormat goýmakdan nyşandyr. Çaga terbiýesinde tebigata söýgi döretmek diňe bir tebigatyň goraglylygyny üpjün etmek bolman, eýsem, ol çagada rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriň hem kemala gelmegine itergi berýär. Ol çaganyň aňynyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin hem möhüm bolup durýar.

Nigýär KERIMOWA,
Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň A.Gowşudow adyndaky şahamçasynyň müdiri.
Beýleki habarlar