Täze ösüşleriň ýyly

19 Noýabr 2021
1128

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary barha rowaçlanýar. Bu gatnaşyklar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýramynyň giňden toýlanylan ýylynda hem täze ösüşlere eýe bolýar. Milli Liderimiziň «Açyk gapylar» we hemişelik Bitaraplyk syýasaty dünýäde giň goldawa eýe bolup, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde çuňňur oýlanyşykly alnyp barylýan içeri we daşary syýasat diňe bir türkmen halkynyň ykbalyny bagtyýarlyga atarmak bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat gatnaşyklarynyň bähbidini goldaýar. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda biziň ýurdumyzyň ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa ulgamlarynda giň möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirip, uly tejribäni we döredijilikli kuwwaty umumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şu günler halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Halkara Bitaraplyk gününi giňden bellemäge taýýarlyk görýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň şanyna tutulýan uly toý bagtyýar halkymyzyň buýsanjyny barha arşa göterýär.

Beýleki habarlar