Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň we dost-doganlygyň şuglasyny saçýar

17 Noýabr 2021
1022

Geçmişi sarpaly, geljegi nurly türkmen halkymyz biri-birinden zyýada günleri uly üstünliklerdir ösüşlere besläp, täze ädimler bilen, parahatçylygyň şuglasyny çaýýan nurly ertirlerimize sary bedew batly gadamlary bilen barýar. Türkmenistan döwletimiz dünýä ýüzünde özüniň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly asylly syýasaty bilen uly at-abraýa eýe boldy.

Ata-babalarymyzyň millilige ýugrulan ahlak, medeni we jemgyýetçilik-syýasy däpleri taryhymyzyň synaglarynda berk taplanyp, özbaşdak we Garaşsyz döwleti esaslandyrmak hakyndaky arzuwlarymyzda baky orun tapdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyz we baky Bitaraplygymyz türkmen halkynyň ösüş ýolunyň sazlaşykly ugry — goşa ganaty boldy.

Azat ALTYÝEW,
podpolkownik.
Beýleki habarlar